«Arkadag» «Ahal»-y ýeňip Türkmenistanyň futbol boýunça Superkubogynyň bassyr iki ýyl eýesi boldy.

Sen 25, 2025 - 19:57
Sen 25, 2025 - 20:01
«Arkadag» «Ahal»-y ýeňip Türkmenistanyň futbol boýunça Superkubogynyň bassyr iki ýyl eýesi boldy.

«Arkadag» futbolçylary Türkmenistanda Superkubok oýnunda «Ahal» toparyny ýeňdiler. Aşgabatda, «Nisa» stadionynda geçirilen duşuşyk 3:0 hasaby bilen «Arkadag» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde Altymyrad Annadurdyýew iki gezek gol urdy, başga bir gol Mirza Beknazarowa degişli boldy.

27-nji minutda «Ahal» toparynyň oýunçysy Döwran Hojamämmedow gyzyl kartoçka alypdyr.

«Arkadag» Türkmenistanda Superkubogyny yzygiderli ikinji gezek gazanýar. Bu ýeňşi bilen Arkadag futbol toparyny Amul info-nyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys !!!