200 metr aralyga ylgamak: rekordlar, taýýarlyk aýratynlyklary we taryhy

Noý 4, 2025 - 09:33
200 metr aralyga ylgamak: rekordlar, taýýarlyk aýratynlyklary we taryhy

200 metr aralyga ylgamak — ýeňil atletikanyň iň täsirli we güýç bilen tizligiň utgaşan görnüşleriniň biridir. Bu ugurda üstün çykmak üçin türgeniň hem güýç, hem-de tizlige çydamlylyk ukyby güýçli bolmalydyr.

Disiplinanyň taryhy ösüşi

200 metr ylgaw ýeňil atletikanyň iň meşhur sprinterlik görnüşleriniň biridir. Bu aralyk ilkinji gezek 1900-njy ýyldan başlap erkekleriň Olimpiýa oýunlarynyň, 1948-nji ýyldan bolsa zenanlaryň resmi maksatnamasyna girizildi.

XX asyryň başynda bu aralyk köplenç göni ýol boýunça geçirilýärdi. 1951-nji ýyldan başlap halkara ýeňil atletika federasiýasy (IAAF) häzirki görnüşde — döwrebap stadionlaryň egrili ýolunda geçirilýän 200 metr ylgawlary resmi taýdan tassyklap başlady.

Rekordlar we meşhur spinterler

Bu aralygyň dünýä rekordlaryny ýeňil atletikanyň taryhynda iň meşhur iki türgeni — Ýamaýkaly Usain Bolt we ABŞ-ly Florens Grifft-Joyner saklaýarlar.

Erkeklerde:

  •  Dünýä rekordy: Usain Bolt (Ýamaýka)19,19 sekunt, Berlin, 2009

  •  Olimpiýa rekordy: Usain Bolt19,30 sekunt, Pekin, 2008

Zenanlarda:

  •  Dünýä we Olimpiýa rekordy: Florens Grifft-Joyner (ABŞ)21,34 sekunt, Seul, 1988

Rekordlaryň netijelerine howanyň çyglylygy, ýeliň tizligi we stadion örtüginiň hili ýaly ýagdaýlar uly täsir edýär. Şonuň üçin ýeliň tizligi 2 m/s-den ýokary bolan ýagdaýynda netijeler resmi rekord hökmünde hasaba alynmaýar.

Taýýarlygyň aýratynlyklary

200 metr ylgawda üstünlik gazanmak üçin türgeniň diňe güýçli däl, eýsem tizlige çydamly hem bolmagy zerurdyr. Bu ugurda türgenler 100 we 400 metr ylgawçylarynyň taýýarlyk usullaryny utgaşdyrýarlar.

Tizlige çydamlylygy ösdürmek üçin uzyn aralyklarda (400–800 m) interwal ylgawlar geçirilýär.
Sprinterlik başlangyç üçin bolsa gysga aralyklar (60–100 m) yzygiderli türgenleşdirilýär.
 Türgenler egri ýolda (wirażda) beden balansyny saklamak we merkezden gaçyryjy güýje garşy hereket etmek boýunça aýratyn türgenleşýärler.

Bu taýýarlykda taktiki pikirlenmek hem möhümdir: ýoluň belgisi, howanyň ýagdaýy, bäsdeşleriň sany – bularyň ählisi netijä täsir edýär.

Ýaryş nähili geçirilýär

200 metr ýaryşy her türgeniň öz ýolunda başlanýar.
Start signalynyň berilmegi bilen türgenler pes startdan güýçli depginde ugrap, ilkinji 40 metre çenli güýçli tizlik alýarlar. Soňra egri ýol (wiraż) başlanýar — bu ýerde deňagramly hereket etmek ýeňşiň açary bolup biler.

110–140 metr aralygynda türgenler egri ýoldan çykyp, soňky 60 metrde iň ýokary tizlige ýetýärler. Şol pursatda ýüzüniň, eliniň, egniniň rahat bolmagy netijäni gowulandyrýar.

Usain Boltyň dünýä rekordynyň analizi görkezýär: onuň soňky 100 metri bary-ýogy 9,27 sekuntda geçendigi aýdylýar — bu hem 100 metr dünýä rekordyndan hem tiz!

Iň gowy spinterler

Dünýä taryhyndaky iň çalt 25 türgeniň köpüsi ABŞ-dan we Ýamaýkadan.
Bu sanawda öňdäki orunlar:

  •  Usain Bolt — 19,19 sek.

  •  Johan Blake (Ýamaýka) — 19,26 sek.

Zenanlaryň arasynda bolsa Florens Grifft-Joyner, Elaine Thompson-Herah, Daýfne Şippers (Niderlandlar) ýaly atlar öňdäki hatarda.

Russiýaly Irina Priwalowa dünýäniň iň gowy 25 zenan sprinteriniň arasynda 21-nji orunda ýerleşýär.

Normatiwler

Erkekler üçin:

  • I dereje – 21,80 sek.

  • II dereje – 22,80 sek.

  • III dereje – 23,80 sek.

Zenanlar üçin:

  • I dereje – 24,80 sek.

  • II dereje – 25,80 sek.

  • III dereje – 26,80 sek.

(Bu görkeziji ýurt boýunça ýeňil atletika federasiýasynyň düzgünlerine görä üýtgäp biler.)

200 metr aralyga ylgamak – diňe tizligiň däl, eýsem taktikanyň we güýçli taýýarlygyň hem synagydyr. Bu aralykda ýeňiş gazanmak üçin türgeniň her hereketi, her ädimi öňünden meýilleşdirilen bolmaly.

Usain Bolt ýaly beýik spinterleriň üstünlikleriniň arkasynda diňe tebigy talant däl, eýsem ýyllaryň dowamynda alnyp barlan takyk we yzygiderli türgenleşik durýar.