Meşhur italýan aktrisasy Klaudiýa Kardinale aradan çykdy

Sen 25, 2025 - 17:43
Meşhur italýan aktrisasy Klaudiýa Kardinale aradan çykdy

Nusgawy italýan kino aktrisasy Klaudiýa Kardinale 87 ýaşynda aradan çykdy diýip, ýurduň АНСА agentligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Aktrisa Parižiň golaýynda, Nemur şäherindäki öýünde ýakynlaryň arasynda jan berdi.

Kardinale 100-den gowrak filmde we teleoýunlarda surata düşdi. Oňa, esasan hem, režissýor Federiko Fellininiň «Sekiz ýarym» diýen filmi meşhurlyk getirdi, ol bu filmde ussat aktýor Marçello Mastroýanni bilen suraşa düşdi.

Aktrisa şeýle-de «Rokko we onuň doganlary», «Gaplaň», «Çemedanly gyz» ýaly 1960-1970-nji ýyllaryň iň täsirli filmlerinde surata düşdi.