Awazadaky halkara maslahata Bolgariýanyň wekili geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Bolgariýa Respublikasynyň wekili Türkmenbaşy şäherine geldi.
Foruma Bolgariýanyň Daşary işler ministrliginiň BMG we global işler müdirliginiň başlygy Iwan Marinow Gospodinow wekilçilik edýär. Hormatly myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.
Bolgariýanyň BMG we global meseleler boýunça jogapkär wekiliniň bu möhüm foruma gatnaşmagy, maslahatyň gün tertibindäki ählumumy başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna öz goşandyny goşar we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.