Kipr Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenbaşa geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Kipr Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäherine geldi. Wekiliýete ýurduň Deňiz ýollary ministriniň orunbasary Marina Çatzimanoli ýolbaşçylyk edýär.
Belent mertebeli myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşy alyndy.
Kipr ýaly deňiz döwletiniň bu foruma gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyk deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin deňiz ýollarynyň we portlaryň elýeterliligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyň we tranzit mümkinçilikleriniň ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtaýar. Kipr wekiliýetiniň gatnaşmagy bu ugurdaky tejribe alyşmaga we täze logistiki çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berer.