Awazadaky halkara foruma gatnaşmak üçin Horwatiýanyň wekili geldi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşyjylaryň sanawy Ýewropadan gelen wekiliýetler bilen giňemegini dowam etdirip, çäräniň ählumumy gerimini görkezýär. Şu gün, 4-nji awgustda foruma gatnaşmak üçin Horwatiýa Respublikasynyň wekili Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, wekiliýete ýurduň Daşary we Ýewropa Işleri ministrliginiň Ýewraziýa we Okeaniýa boýunça direktory Dunýa Şişaýa ýolbaşçylyk edýär. Hormatly myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.
Horwatiýanyň Ýewraziýa sebiti boýunça jogapkär wekiliniň bu maslahata gatnaşmagy, Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň nyşanydyr. Bu gatnaşyk halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açmaga ýardam eder.