Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy sapar bilen Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýeti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu sapar Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde guralýan Parlamentara foruma gatnaşmak maksadyny öz içine alýar.
«Report» habarlar agentliginiň beren maglumatyna görä, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hormatly myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Baýramgözel Myradowa, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow hem-de beýleki resmi wekiller garşyladylar.
Habarda bellenilişine görä, Sahiba Gafarowa Parlamentara forumyň birinji bölümçesine başlyklyk eder. Şeýle hem onuň forumda çykyş etmegi we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.
Forumyň çäklerinde dostlukly Azerbaýjan Respublikasynyň milli güni hem belleniler. 6-njy awgustda meýilleşdirilen dabaralaryň dowamynda azerbaýjanly sungat ussatlary forumyň ýapylyş dabarasynda konsert bilen çykyş ederler.
Türkmenistanda geçirilýän halkara forumda sebitleýin hyzmatdaşlyk, ulag-logistika mümkinçilikleri, ykdysady integrasiýa ýaly meseleler bilen bir hatarda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşylar.