"Bagyr raky: 60% ýagdaýyň öňüni almak mümkin — alymlar duýduryş berýär"
The Lancet žurnalynyň komissiýasynyň geçiren gözlegine görä, 2050-nji ýyla çenli bütin dünýäde bagyr raky bilen kesellänleriň sany iki esse artyp, 1,5 million adama ýetip biler. Şeýle-de bolsa, alymlar bu ýagdaýlaryň 60 göterimine çenli böleginiň ýaşaýyş düzgünini üýtgedip, öňüni almak boljakdygyny belleýärler.

Bagyr raky — howply we giň ýaýran kesellik
Bagyr raky dünýäde iň köp ýaýran rak keselleriniň içinde altynjy ýerde durýar we ölüm derejesi boýunça üçünji orunda. Bu rak görnüşini bejermek kyn — kesellänleriň diňe 5–30% töweregi 5 ýyl ýaşaýar. Erkek adamlar bu keselden zenanlara garanyňda 2–3 esse köpräk ejir çekýärler.
Sebäp bolýan esasy faktorlar
Ilki bilen bu rak köplenç wirusly gepatit B we C ýa-da alkogol ulanylyşy bilen baglanyşykly hasaplanýardy. Emma soňky ýyllarda semizlik — ýagny nealkogolly ýagly bagyr keseli (NAJBK) — esasy sebäp hökmünde öňe çykýar. Häzirki wagtda dünýäde uly ýaşly adamlaryň 40%-de NAJBK bar, olaryň üçden birinde bolsa bu keseliň has howply görnüşi bolan steatohepatit ýüze çykýar. Lukmanlar ony "dym-dyrs edýän öldüriji" diýip atlandyrýarlar — sebäbi ol adam hiç hili alamat duýman, bagyr sirozyna, soň bolsa raka öwrülýär.
Statistikalar we gelejekki çaklamalar
-
Alkogol we siroz bilen baglanyşykly rak ýagdaýlarynyň paýy 2022-nji ýylda 19% bolup, 2050-nji ýylda 21%-e çenli ýokarlanar.
-
Gepatit B sebäpli ýagdaýlar 39%-den 37%-e çenli azalyp biler.
-
Gepatit C bilen baglanyşykly ýagdaýlar bolsa 29%-den 26%-e çenli azalar.
Näme etmeli?
Alymlar ýaşaýyş durmuşyny üýtgetmegiň — alkogoldan el çekmek ýa-da çäklendirmek, dogry iýmitlenmek we fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak — bu rakyň öňüni alyp biljekdigini belleýärler. Şeýle çäreler her ýylda täze ýagdaýlaryň sanyny 2–5% azaldyp, 25 ýylyň dowamynda 17,3 million adamyň bagyr raky bilen kesellemeginiň öňüni alyp, 15,1 million adamyň ömrüni halas edip bilerdi.
Ýöne kynçylyklar bar
Bu teklipleriň durmuşa geçirilmegi kyn bolup galýar. Meselem, dünýäde bagyr raky bilen kesellänleriň 42,4%-i düşýän Hytaýda, 1990–2021 ýyllar aralygynda bu rakyň ýaýramagy ýylda diňe 0,3% azaldy. Ýewropada we Demirgazyk Amerikada bolsa, tersine, her ýylda 1–2,8% aralygynda ýokarlanýar. Munuň sebäbi bolsa alkogol ulanmagyň we NAJBK bilen kesellänleriň sanynyň köpelmegidir.
Munuň öňüni almak näderejede mümkin?
“Naked Science” žurnalynyň öň belleýşi ýaly, soňky 50 ýylda semizlik hatda laboratoriýada ösdürilen haýwanlarda hem ýüze çykdy. Bu bolsa diňe iýmit ýa-da hereket bilen baglanyşykly bolman, başga bir doly gözegçilik edip bolmaýan faktorlaryň hem täsir edýändigini görkezýär. Şonuň üçin Lancet komissiýasynyň maslahatlaryny durmuşa geçirmek has hem kynlaşýar.