Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Awg 4, 2025 - 09:43
Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 4-5-nji awgustda iş sapary bilen Türkmenistana gelýär. Saparyň çäginde ol BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşar. Bu barada Özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek foruma BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Maslahatyň gün tertibinde ulag ulgamyndaky özara baglanyşyklary pugtalandyrmak, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, ykdysady ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegine we daşky gurşaw bilen baglanyşykly kynçylyklara garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak ýaly halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri gozgalar. Şeýle-de, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişinde ýeten üstünlikler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmegi planlaşdyrylýar.

Türkmenistandaky saparynyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk görmegiň meseleleri boýunça geçiriljek çärede hem gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer diýip habar berilýär.