Bäsleşiklere taýýarlyk görýäris

Okt 10, 2025 - 11:38
Bäsleşiklere taýýarlyk görýäris

Şu günler institutymyzyň talyplary mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda öňde duran ders we taslama bäsleşiklerine taýýarlyk görýärler. Baýry ýokary okuw mekdebimizde olaryň okuwdan boş wagtlarynda goşmaça taýýarlyk sapaklaryny geçmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

Her bir okuw ýylynda Bilim ministrligi, ýurdumyzyň we dünýä döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilimdir taslama bäsleşikleriniň köpsanlysy guralýar. Şeýle bäsleşikler biziň ýokary okuw mekdebimizde hem geçirilýär. Institutymyzyň talyplary bu bäsleşikleriň ählisinde ýeňiş gazanmagy maksat edinýärler. Geçen okuw ýylynda-da olar dürli derejeli bäsleşiklerde öňdäki orunlaryň onlarçasyny gazandylar.