Saýat etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Okt 10, 2025 - 13:24
Saýat etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik guramalary jemgyýetiň ruhy-medeni ösüşine, halkymyzyň agzybirlikli hem-de jebis durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri yzygiderli gurap, bu ugurda netijeli işleri alyp barýarlar. Ýakynda şeýle çäreleriň biri — wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komiteti tarapyndan beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Awçy» geňeşliginde geçirildi.

Duşuşyga geňeşligiň ýaşaýjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýerli ýolbaşçylar gatnaşdylar. Onda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilişi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, halkyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Şeýle-de jemgyýetde agzybirligi, zähmete höwesi, Watana wepalylygy, ruhubelentligi ösdürmekde jemgyýetçilik guramalarynyň orny we alyp barýan işleri barada gürrüň edildi.