“Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş merkezinde “Sport — bagtyň açarydyr” atly bäsleşik geçirildi

Iýul 14, 2025 - 20:11
“Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş merkezinde “Sport — bagtyň açarydyr” atly bäsleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Sport — bagtyň açarydyr” atly sport bäsleşigi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy bilen bilelikde guramaçylykly geçirildi.

Bu çäre çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly hem-de manyly geçirmek, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine höweslendirmek, sporta bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak maksady bilen geçirildi. Bäsleşik ýokary ruhubelentlikde, çekeleşikli ýagdaýda hem-de uly gyzyklanma bilen geçirildi.

Ýeňiji bolan bagtyýar çagalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.