Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda basketbol boýunça sport bäsleşigi geçirildi

Iýul 14, 2025 - 20:08
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda basketbol boýunça sport bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda “Sport – kämillige badalga” atly sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaşlar arasynda sport bäsleşigi geçirildi.

Bu çäräniň esasy maksady — ýaşlaryň tomusky dynç alyşlaryny täsirli we maksadalaýyk guramak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de sport arkaly ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat boldy. Şeýle-de ýaşlaryň köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmagyny höweslendirmek bu bäsleşigiň baş maksady hökmünde öňe sürüldi.

Bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde okaýan ýaş türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda geçen ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we sylaglar gowşuryldy.