Baş nygmaty – önümçilik ýerinde

Her gün irden Gün şöhlesi Amyderýanyň melesuwunyň üstüne düşüp, özboluşly öwüşgin döredýär. Gözel tebigatyň şeýle täsinligine gojaman derýanyň goltugynda oturan Kerki şäheriniň ýaşaýjylary her säher çagynyň şuglasy bilen ýakymly duýgulara aralaşýarlar.
Bu ýerde öwüsýän mylaýym şemalyň janlyja hoşboý lezzetini duýmak bolsa has-da ýakymly. Derýanyň kenaryndaky ýol ugrunda ýerleşýän çörek kärhanasynyň derwaýys welin, bişip duran çörekleriň ýakymly ysy kalba örän üýtgeşik täsir edýär.
Ýakynda şeýle ajaýyp pursaty synlamak maňa-da miýesser etdi. Redaksiýamyzyň tabşyrygy bilen bu ýerde işleýän adamlar, olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşmak maksady bilen kärhananyň gapysyndan geçdim.
Ilkinji gürrüňdeşimiz kärhananyň başlygy, işjeň we çalasyn ýolbaşçy Bagtyýar Babanazarow boldy. Ol bizi bu ýerde alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdyrdy we ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy hakynda giňişleýin gürrüň berdi:
— Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy ýetip gelýär. Her ýyl bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu baýramçylygy önümçilikli zähmetiň guwandyryjy netijeleri bilen garşy almak üçin işimizi üç çalşykda alyp barýarys. Önümçilik toparlarymyzyň arasynda ýylyň tutuş dowamynda kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň tagallasy bilen özara bäsleşik guraýarys. Bu bolsa öz gezeginde gowy netijesini berýär. Geçen ýylyň netijesi boýunça meýilnamada görkezilen 2770 tonna derek, 4099 tonna önüm taýýarlandy. Şu ýylyň ýedi aýynyň jemi boýunça gazanylan netijeler hem guwandyryjy boldy. Meýilnamada görkezilen 1155 tonna derek, 1430 tonna önüm öndürilip, tabşyrygyň 123,8 göterimi ýerine ýetirildi. Üstünligiň açary — işçileriň yhlasly zähmetidir – diýip, Bagtyýar Babanazarow ynam bilen aýtdy.
Kärhanada çörek we çörek önümleriniň 7 görnüşi öndürilip, ilata ýetirilýär. “Höwesli”, “Şöhlejik”, “Altyn Asyr”, “Ruhubelent”, “Talyp” atly we galypda bişirilýän birinji we ýokary hilli çöreklere isleg has-da ýokary.
Möwsümleýin hem-de baýramçylyk günlerinde dürli görnüşli süýji çörek önümlerine bolan isleg hem artýar. Kärhanada işleriň ilerlemeginde hünärli işçileriň we tejribeli işgärleriň goşandy uludyr.
Olaryň hatarynda:
-
çörek bişirijiler: Abadan Setdarowa, Ogulmeýrem Kerimowa, Körpegül Döwletberdiýewa, Dilaram Ergeşowa
-
hamyr ýugurujylar: Begenç Çaryýew, Begenç Öwezow
-
tertipleýjiler: Laçyn Durdyýewa, Aýna Babayarowa, Swetlana Petrowa
-
çörek we çig mal önümlerini daşaýjy sürüjiler: Röwşen Allayew, Geldimyrat Haýdarow
-
önümçilik enjamlaryny sazlaýjy-abatlaýjy: Gahryman Çaryýew
-
önümçilik sehiň ussalary: Törekul Baratow, Atamyrat Mustaýew
diýen zähmetkeşler yhlasly işleri bilen kärdeşlerine görelde bolýar.
Kärhananyň hasabyna şäherde 8 sany çörek dükany hyzmat berýär. Kärhananyň ýanyndaky dükanda bolsa, güler ýüzli satyjylar: Jahan Meňliýewa, Zulfiýa Rasulkulowa, Haýtaý Babakulowa ýaly işgärler alyjylara medeniýetli hyzmat etmekde yhlasly zähmet çekýärler.
Hawa, bu ýerde gijä-gündize önümçilikli zähmet möwç alýar. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatly garşy almak maksadyny öz öňünde goýan çörek kärhanasynyň zähmetsöýer işçileriniň gadamlary barha batlanýar.