Daýhandan hereket — ýerden bereket

Hormatly Prezidentimiziň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky» gol çeken Karary esasynda ýurdumyzda we welaýatlarda döredilen ýörite ýer gaznalarynyň hususy önüm öndürijilere bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde uzak möhletli peýdalanmaga berilmegi, ýurdumyzda ekerançylygy ösdürmekde hem-de azyk bolçulygyny döretmekde möhüm çözgütleriň biri boldy.
Şol Karar esasynda ýer bölegini alyp, ýylsaýyn ene toprakdan bol hasyl alyp gelýän tejribeli önüm öndürijileriň hatarynda Garýagdy Babanazarow hem bar.
— 2023-nji ýylda Saýat etrabynyň Topurçak diýen ýerinden 1118 gektar ýer bölegini alyp, 99 ýyla çenli uzak möhletli peýdalanmaga mümkinçilik tapdym. Maňa berlen ýer böleginiň 70 göteriminde bugdaý, gowaça we beýleki möhüm oba hojalyk ekinlerini ekip, ylmyň gazananlaryna esaslanmak bilen agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek arkaly bol hasyl alyp gelýärin – diýip, Garýagdy aga gürrüň berýär.
Geçen ýylda 800 gektar meýdana bugdaý ekip, 1750 tonna däne ýygnapdyrlar. Ekin dolanyşygyna aýratyn uly ähmiýet berýändiklerini aýdyp, ol şeýle diýýär:
— Ekin dolanyşygy ylmy esaslarda meýdanlara laýyklykda guralanda, hasyllylyk ýokary bolýar. Üstümizdäki oba hojalyk ýyly hem biziň — önüm öndürijileriň üçin bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. 600 gektar ýerde bugdaý ekip, şondan 1054 tonna däne Watanyň harmanyna tabşyrdym. Şertnamalaýyn borçnamam 130 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de, 300 gektar meýdanda gowaça ekdik. Nesip bolsa, şondan hem bol hasyla garaşýarys.
Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler oňyn netijesini berýär. Önüm öndürijiniň aýtmagyna görä, welaýatdaky «Oba Hyzmat» önümçilik birleşiginiň etrap oba hyzmat kärhanalary oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň hyzmaty meselesinde ýakyndan ýardam berýär.
Gowaçanyň hasyllylygyna täsir edýän hatara bejergi hem-de şerbet suwuny tutmak işleri hem guramaçylykly ýola goýlupdyr.
— Bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Galan meýdanlarda bolsa ekin dolanyşygy esasynda hasyllylygy ýokarlandyrmak we ýeri gurplandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Munuň üçin aralyk ekinleriň dürli görnüşlerini ekýäris. Olardan hem ýokary hasyl almaga doly mümkinçilik bar. Bize işlemäge, tutanýerli zähmetimiz bilen baýamaga, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamaga uly mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden sagbolsun aýdýaryn – diýip, önüm öndüriji öz hoşallygyny beýan edýär.
Hawa, Garýagdy Babanazarow ýaly işine ussat, tejribeli önüm öndürijileriň we oba hojalykçylaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginde goşandy örän uludyr. Janypkeşlik bilen çekilen hysyrdaly zähmet rysgal-bereket bolup, halkymyzyň saçaklaryna dolýar.
Biz hem döredijilik toparymyz adyndan Garýagdy aga mundan beýläk-de zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.