Watana bolan söýgüsi üçin: Döwlet sylaglary bilen sylaglanan lukmanlar
Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Şol tagallalary durmuşa geçirmekde saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleriniň hem uly goşandynyň bardygyny bellemek ýakymly. Olaryň çekýän zähmetine il-günümiz, döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň bosagasynda saglygy goraýyş işgärleriniň hem birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ruslan Rahmatullaýew hem bar.
Onuň «lukmançylyk» diýen täsin dünýä bilen tanşanyna 30 ýyl bolup barýar. 1997-nji ýylda häzirki Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gapysyndan baranda onda bir maksat bardy — ata-enesi ýaly saglygy goraýyş işgäri bolmagy isleýärdi. Bu tebigy ýagdaý. Çagalykdan öýde diňe ynsan saglygyny goramak barada gürrüň gider-de, kär babatynda maksadyň, matlabyň başgaça bolarmy?! Şeýle bolansoň, Ruslan hem şol mahal özüni diňe geljekde lukman hökmünde göz öňüne getirýärdi.
Okuwyny tamamlap, işe başlan gününden ol gujur-gaýratyny gaýgyrmady. işlän ýerlerinde alkyş ýüki ýetik boldy. Ol soňky sekiz ýyldan bäri welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary bolup işläp, bu ulgamy ösdürmäge goşandyny goşýar. Mynasyp bolan döwlet sylagy bilen gutlanymyzda, ol hoşallyk bilen:
— Edýän işlerimize berlen bu ýokary baha üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Saglygy goraýyş işgäri hökmünde biziň üçin iň uly serpaý ynsan saglygyny goramakda döwrebap mümkinçilikleriň döredilip berilmegidir. Şonuň üçin hemişe bolşy ýaly, bu şatlykly pursatlarda hem ýene bir ýola lukman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymy bildirýärin — diýip, alkyş sözlerini beýan etdi.
Magtymguly Pyragy: «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýýär. Başky setirlerimizde gahrymanymyzyň ata-enesiniň kärini dowam etdirendigini ýazypdyk. Hawa, onuň kakasy Ýaraş Rahmatullaýew ömrüni lukmançylyga bagyşlan adam. Ol häzirki wagtda hem welaýat Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň çagyryş lukmany bolup zähmet çekýär. Iň begendiriji ýagdaý döwlet sylagyna mynasyp bolan lukmanyň yzyny ýöretjek perzentleri hem bar. Dört perzendiň biri Merjen geljekde lukman bolmagy arzuw edýär.
Lukmanlar hemişe-de sylag-hormatyň eýesidirler. Ýöne olara döwlet sylagynyň hem gowşurylmagy has ýakymly ýagdaý. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň bosagasynda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärleriniň ählisini, şol sanda, Ruslan Rahmatullaýewi hem gutlap, sogaply işde olara geljekde hem üstünlikleri arzuw edýäris.
