Boeing kompaniýasy ViaSat-3 F2 hemrasyny 2025-nji ýylda uçurar
Dünýäniň öňdebaryjy awiasiýa we kosmos kompaniýalarynyň biri bolan Boeing öz müşderisine täze ýokary tizlikli aragatnaşyk hemrasyny — ViaSat-3 F2-ni resmi taýdan uçurar. Bu enjam dünýä boýunça ýokary kuwwatly internet ulgamyny döretmäge gönükdirilen ViaSat-3 seriýasynyň ikinji uçuryljak hemrasydyr.
Täze enjam Boeing 702MP+ platformasynyň esasynda ýygnaldy we doly elektrik hereketlendiriji ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Hemranyň esasy aragatnaşyk enjamlary Viasat kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Olaryň kömegi bilen, 1 terabit/sekunddan ýokary maglumat geçirmek kuwwatlylygyny üpjün edip bilýär.
Agramy 6 tonna çemesi bolan ViaSat-3 F2 öňdebaryjy Spectrolab gün batareýalary we ýokary möçberli energiýa saklaýjy ulgam bilen üpjün edilendir.
Boeing kompaniýasynyň maglumatyna görä, hemra Antonov AN-124 ýük uçary arkaly Kep Kanaweral kosmodromyna eltilipdir. Häzirki wagtda ol ýerde Atlas V 551 raketasynyň üsti bilen uçurylmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Uçurylyş 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň soňlarynda meýilleşdirilýär. Bu taslama üstünlikli amala aşsa, täze hemra arkaly Amerika yklymynda hem-de umman giňişliklerinde ýer, deňiz we howa ulanyjylary üçin aragatnaşyk hyzmatlarynyň kuwwaty we ygtybarlylygy ep-esli ýokarlanar.
ViaSat-3 ulgamy dünýäniň iň iri orbitali internet taslamalarynyň biri bolup, onuň maksady ýokary tizlikli hem-de durnukly aragatnaşyk hyzmatlaryny global derejede elýeterli etmekden ybaratdyr.
