SpaceX Starship V2 – soňky uçuşynyň täsirli pursatlary görkezildi
14-nji oktýabrda dünýäniň öňdebaryjy kosmos kompaniýalarynyň biri bolan SpaceX öz meşhur raketasynyň — Starship V2-niň soňky, ýöne iň täsirli synag uçuşyny amala aşyrdy. Kompaniýa uçuşyň ähli möhüm pursatlaryny görkezýän täze wideolary we suratlary jemgyýete ýetirip, bu waka bilen ýene-de bir gezek üns merkezine düşdi.
SpaceX tarapyndan sosial ulgam X-de paýlaşylan şekillerde raketanyň uçuşa galmagy, basgançaklaryň gyzgyn ýagdaýda bölünmegi we atmosfera gaýtadan girmegi ýaly pursatlar görkezilýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, uçuşda toplanan maglumatlar geljekde Starship raketalarynyň gaýtadan ulanmak mümkinçiligini gowulandyrmak üçin ulanylar.
“Starship Ýeriň atmosferasyna dolanýar. Bu uçuşda toplanan maglumatlar geljekki missiýalarda raketanyň uçuş ýerinde tutulyp, täzeden ulanylmagyna mümkinçilik berer,” — diýip, SpaceX resmi beýanatynda aýtdy.
Starship V2 uçuşynyň üstünlikli geçmegi kompaniýanyň täze maksatlaryna ýol açýar. Habarlara görä, häzirki wagtda üçünji nesil Starship V3 raketasy we täze güýçlendiriji enjamlary taýýarlanylýar. Käbir çeşmelere görä, onuň ilkinji uçurylyşy şu ýylyň ahyryna çenli bolup biler.
Eger täze synaglar üstünlikli geçse, 2026-njy ýylyň soňunda Starship V3-niň Marsa uçmagy, onuň bortunda bolsa Tesla tarapyndan döredilen adam şekilli robot – Optimusyň bolmagy meýilleşdirilýär.
SpaceX-niň Starship taslamasy häzirki wagtda dünýäde iň iri we öňdebaryjy kosmos meýilnamalarynyň biri bolup, Ilon Maskyň Marsda ýaşaýyş döredmegiň ilkinji ädimleriniň biridir diýlip hasaplanylýar.
