Çärjew adynyň döreýşi

Dek 2, 2025 - 18:00
Dek 2, 2025 - 18:01
Çärjew adynyň döreýşi

Çärjew etraby - Amyderýanyň boýnunda ýerleşýän, Türkmenistanda taryhy taýdan iň möhüm ýaşaýyş nokatlarynyň biridir we Çärjew etraby taryhy we strategik bir sebitdir. Sebitiň adynyň gelip çykmagy diňe administratiw at bilen baglanyşykly däl, eýsem onuň taryhy we geografik aýratynlyklary bilen gönüden-göni baglanyşygy bardyr.

Adyň gelip çykmagy ylmy taýdan seljermelere görä “Çärjew” gadymy pars dilindäki sözlerden dörän. Pars dilinde “čār” – dört, “jūy”suw ýoly ýa-da aryk diýmekdir. Bu sözleriň birleşmegi bilen adyň manysy: “dört suwuň birleşýän sebitini” ýa-da “dört arykly ýer”  diýmekligi aňladýar. Şeýle many ýerli geografik ýagdaý bilen hem doly gabat gelýär, sebäbi Çärjew sebitinde Amyderýadan çykýan birnäçe esasy suwaryş aryk bar, olar ekin meýdanlaryna suw ýetirip, sebitiň ykdysady durmuşynda möhüm rol oýnapdyr. Taryhy çeşmelerde Çärjewiň ady dürli görnüşlerde ýüze çykýar: Chirchuy, Charjuy, Chardzhui / Chardzhou. Bu görnüşleriň hemmesi adyň pars diline meňzeşdigini görkezýär we fonetiki üýtgemeler bilen türkileşen görnüşdir. Sowet döwründe şäheriň ady Чарджоу (Chardzhou) görnüşinde ýazylýardy, bu hem şol taryhy we fonetiki dowamlylygyň subutnamasydyr.

Käbir taryhçylar alternatiw düşündiriş hökmünde Çärjewiň “dört ýol birleşýän nokat” manysyny hem öňe sürýärler. Bu pikir sebitiň orta asyrda dört esasy söwda ýolunyň (Horezm, Buhara–Samarkant, Merw we Kerki–Owganystan) kesişýän merkezi bolup durmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne ylmy taýdan esasy kabul edilen düşünje, adyň parsça “dört suw” manysyndan gelip çykmagy bilen baglanyşyklydyr.