Çelsiniň täze futbolçysy Žoao Pedro, iki gol geçirip, öz dogduk toparyny KDÇ-2025-den çykardy

Iýul 9, 2025 - 09:10
Iýul 9, 2025 - 09:13
Çelsiniň täze futbolçysy Žoao Pedro, iki gol geçirip, öz dogduk toparyny KDÇ-2025-den çykardy
Surat: Buda Mendes/Getty Images

“Braýton” klubundan €63,7 milliona “Çelsi” toparyna geçip, Žoao Pedro 2025-nji ýylyň Klublar çempionatynyň ýarym finalynyň esasy ýyldyzy boldy. Ol öňki kluby bolan “Fluminense” garşy oýunda (18', 56') iki gol geçirip, londonlylaryň 2:0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagyna kömek etdi.

Hüjümçi, ösdürilen klubuna hormat goýup, geçiren gollaryny bellemekden saklandy. Pedro diňe ikinji oýnunda ýokary tehnikasyny we ynamyny görkezdi.

Finaldaky Çelsiniň garşydaşy “PSŽ” bilen “Real” arasynda geçiriljek oýundan soň belli bolar. Şeýlelikde, finalda Ýewropa kluby ýeňiji boljakdygyny öňünden aýtmak bolar.