Dünýäniň iň bagtly şäheri belli boldy
Dünýäniň iň bagtly şäheri belli boldy

Londonyň Durmuşyň Hili Instituty tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly we bagtly şäherleriniň içinde ilkinji 200 şäheriň arasynda Kopengagen öňdeligi eýeledi. Şeýlelikde, Daniýanyň paýtagty ýaşaýyş amatlylygy, durmuş hili we abadançylyk derejesi boýunça dünýäde iň ýokary baha alan şäher boldy.
Sanawyň ilkinji bäşligine giren beýleki şäherler:
Sýurih (Şweýsariýa),
Singapur,
Orhus (Daniýa),
Antwerpen (Belgiýa).
Bu barlagda şäherlere dürli ugurlar boýunça, ýagny alty esasy görkeziji esasynda baha berildi. Olaryň hataryna:
Umumy abadançylyk – bilim derejesi, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi we döwlet tarapyndan hödürlenýän durmuş goldawy,
Dolandyryş – maglumat açyklygy we elektron hyzmatlaryň ulanylyşy,
Daşky gurşaw – ýaşyl zolaklaryň bardygy, arassa howa we zyňyndylaryň gaýtadan işlenişi,
Ykdysady ýagdaý – jemi içerki önüm (JIÖ), iş bilen üpjünçilik derejesi,
Saglyk – lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligi, ruhy saglyk we iş-şahsy durmuş deňagramlylygy,
Hereket we logistika – jemgyýetçilik ulaglarynyň hil derejesi, syýahat çykdajylary we elýeterlilik.
Bilermenleriň bellemegine görä, bu görkezijiler şäherlerde ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna gönüden-göni täsir edýär. Netijede, ilkinji orunlary eýelän şäherleriň köpüsinde ýaşaýyş derejesi ýokary, jemgyýetçilik hyzmatlary kämil we jemgyýet bilen döwlet arasynda ynamly gatnaşyk bar.
Şeýle maglumatlar şäher meýilnamalaşdyryjylara, syýasy ýolbaşçylara hem-de ýaşaýjylar üçin möhüm ugur görkeziji bolup durýar. Şeýle-de bu barlaglar şäherleriň geljekde nähili ugurda ösmeginiň hem ýol kartasyny kesgitleýär.