Dünýäde ýolagçylaryň gatnawy 9% artdy

Dünýäde ýolagçylaryň gatnawy 9% artdy

Apr 19, 2025 - 15:39
Apr 19, 2025 - 15:40
Dünýäde ýolagçylaryň gatnawy 9% artdy

Geçen ýylda dünýä boýunça aeroportlaryň ýolagçy gatnawy 9% ýokarlanyp, 9,5 milliard adama ýetdi. Bu barada Howa menzilleriniň halkara geňeşi — ACI resmi maglumat berdi. Görkezilen bu san pandemiýa döwründen öňki, ýagny 2019-njy ýyldaky derejesinden takmynan 3,8% ýokary bolupdyr.

Dünýäde iň köp ýolagçy gatnawy bolan howa menzili bolsa — içerki we halkara uçar gatnawlary bilen birlikde — öňküsi ýaly Atlantadaky “Hartsfild-Jekson” howa menzili boldy. Bu ýerde 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3,3% köpräk ýolagça — 108,1 million adama hyzmat edildi.

Ikinji orunda Dubaý halkara howa menzili ýerleşdi — 92,3 million ýolagçy bilen (artykmaç 6,1%),
üçünji orunda bolsa ABŞ-nyň “Dallas/Fort Wort” howa menzili ýerleşýär — 87,8 million ýolagçy (7,4% ýokarlanma).
Tokionyň “Haneda” howa menzili dördünji orna geçdi (85,9 million, 9,1%),
Londonyň “Hitrou” howa menzili bolsa bäşinji orna düşdi (83,9 million, +5,9%).

Şeýle-de Denwer, Stambul, Çikago we Nýu-Deli howa menzilleri ilkinji onluga girýär.
Şanhaýyň “Pudong” howa menzili bolsa iň çalt ösýänleriň biri boldy — 76,8 million ýolagçy bilen 2023-nji ýylda 21-nji orunda bolsa-da, 2024-nji ýylda ilkinji onluga girmäge başardy. Bu ösüş 41% ýokarlanma bilen gazanyldy.

ACI-niň maglumatyna görä, dünýäde iň köp hyzmat edýän ilkinji 10 aeroport, ähli ýolagçy gatnawynyň takmynan 9%-ini düzýär — bu 855 million ýolagçy diýmekdir. Bu bolsa 2023-nji ýyldan 8,8%, 2019-njy ýyldan bolsa 8,4% ýokarydyr. Şeýle ösüş depgini bilen ACI 2025-nji ýylyň ahyryna çenli global ýolagçy sanynyň 4,8% artjakdygyny we 9,9 milliarda ýetjekdigini çaklaýar.

2024-nji ýylda uçarlarda daşalan ýükleriň möçberi hem ýokarlandy — 8,4% artdy we 124 million tonna ýetdi. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 3,9% ýokarydyr.

Ýük daşamak boýunça ilkinji orny Gonkong howa menzili eýeledi — 4,94 million tonna, bu 2023-nji ýyldan 14,1% ýokary.
Şanhaý ikinji orny eýeledi — 3,78 million tonna (+9,8%),
Memfis bolsa üçünji orna düşdi — 3,75 million tonna, bu bolsa öňki ýyldan 3,3% azalma görkezýär.

Uçarlaryň uçuş we gonuş sany hem 2024-nji ýylda takmynan 100 million bolup, bu san geçen ýyldan 4,3% köpdür. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji heniz 2019-njy ýyldaky derejä ýetmän, oňa garanda 2,6% az bolup galýar.

ACI häzirki wagtda dünýäniň 170 döwletindäki 2 müň 180 howa menzilini öz düzümine birleşdirýär.