Dünýäniň iň çalt otlysy CR450 453 km/sag tizlige ýetip, täze rekord goýdy
Hytaýda öndürilen CR450 elektrik otlysy dünýäniň iň çalt hereket edýän ýolagçy otlylarynyň biri hökmünde täze rekord goýdy. Täze synaglaryň dowamynda otly 453 kilometr/sag tizlige ýetip, öňki görkeziji rekordlary yzda goýdy.
Bu otly geçen ýyl tanyşdyrylypdy we häzirki wagtda işe girizilmezden öňki synag tapgyryndan geçýär. Tehniki talaplara görä, CR450 ýolagçy gatnawlaryna doly rugsat almak üçin 600 müň kilometr aralykda synag geçmelidir.
Täze modeliň öňki görnüşler bilen deňeşdirilende birnäçe täzeligi bar. Meselem, öňki Fuxing otlusynyň baş bölegi 12,5 metr uzynlykda bolsa, CR450-de bu görkeziji 15 metre çenli uzaldylypdyr. Şeýle hem onuň şekili has ýiti edilip, howa garşylygyny azaltmak maksady bilen aerodinamiki taýdan kämilleşdirildi.
Otlynyň gurluşy doly ýapyk görnüşde bolup, tekerleri diýen ýaly görünmeýär. Şeýle-de onuň beýikligi öňki görnüşden 20 santimetr peseldilipdir, umumy agramy bolsa 50 tonna azaldyldy.
Soňky bäş ýylyň dowamynda Hytaý Demirýol Tehnologiýalarynyň Ylmy-barlag merkezi täze otlynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirdi. Netijede, ähli otlynyň howa garşylygy 22% azaldyldy.
Täze CR450 otlysy 0-dan 350 km/sag tizlige bary-ýogy 4 minut 40 sekuntda ýetýär. Bu bolsa öňki Fuxing otlusynyň (6 minut 20 sekunt) görkezijisinden ep-esli çaltdyr.
Hytaýyň demirýol pudagy bu tehnologiýanyň geljekde ýurtda ýokary tizlikli ýolagçy gatnawlaryny täze derejä çykarjakdygyna ynanýar.
