Dünýäniň iň gurak çölünde güller açyldy
Dünýäniň iň gurak çölü bolan Çilidäki Atakama çölünde güller açdy. Bu barada Reuters habar berýär.
Günorta ýarym şarda sentýabrdan noýabra çenli döwür bahar pasly hasaplanýar. Şonuň üçin bu gurak ýerde ösümlikleriň peýda bolmagy möwsümiň üýtgemegi bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle-de bolsa, Atakamadaky gülleriň açmagy hatda bahar paslynda-da seýrek hadysa bolup, diňe birnäçe ýylda bir gezek bolýar we çölüň üstüne ýagyş ýaganda ýüze çykýar. Şu ýyl hem şeýle boldy.
Çilidäki Andres Bello uniwersitetiniň biologlarynyň bellemegine görä, çölüň üstüni sentýabryň ahyry bilen oktýabryň başlarynda gül açan haly ýaly örtän, gurak çöl şertlerine durnukly bir ösümlik bar. Onuň gülleri ýaşyl-gyzyl reňkli bolup, ýerli ýaşaýjylar bu ösümlige "guanakoň toýnugy" diýip at beripdirler (guanako — lamany ýada salýan süňňi ownuk öýlenýän haýwan).
Alimler bu ösümligiň genetiki kodunyň guraklyga çydamly oba hojalyk ekinlerini döretmekde peýdaly bolup biljekdigini çaklaýarlar. Şeýle ösümlikler bolsa global ýylylyk şertlerinde örän möhüm bolup biler. Häzirki wagtda alymlar bu çaklamany barlaýarlar.
2025-nji ýylyň iýun aýynda Atakama çölü birnäçe onýyllykda ilkinji gezek garly boldy. Alymlar şeýle adaty bolmadyk tebigy hadysalaryň yzygiderliligini howanyň üýtgemegi bilen düşündirýärler.
