Saç dökülmegine garşy bejerişde geň galdyryjy usul tapyldy
Stewiýadan alnan süýjüleýji serişdäniň saç dökülmegine garşy serişdäniň täsirini ýokarlandyrmaga kömek edýändigi anyklandy.
Halkara alymlar topary androgenetiki alopesiýa — ýagny erkek we zenanlaryň saç düşmegine garşy giňden ulanylýan esasy derman bolan minoksidiliň täsirini ýokarlandyrmagyň täze usulyny tapdy. Alymlaryň geçiren gözlegine görä, stewiýa ösümliginden alynýan tebigy süýjüleýji — stewiozid — minoksidiliň deri arkaly siňmegini güýçlendirýär we onuň täsirini artdyrýar. Bu ylmy iş Advanced Healthcare Materials (AHM) žurnalynyň sahypasynda çap edildi.
Minoksidil spreý we ergin görnüşinde saçlaryň ösmegini güýçlendirmek üçin giňden ulanylýar. Emma onuň agyr eräp bilýän we deriden pes siňýän häsiýetleri bejerişiň netijeliligini çäklendirýär. Bu meseläni çözmek üçin alymlar minoksidil bilen stewiozidiň garyndysyny öz içine alýan eräp bilýän ýelimli örtük (plastyr) taýýarladylar.
Syçanlar boýunça geçirilen synagda bu plastyr tüý follikulalarynyň ösüşiň işjeň fazasyna geçmegini höweslendirdi we täze saçlaryň peýda bolmagyna getiripdir.
«Minoksidiliň derä siňmegini güýçlendirmek üçin stewiozidi ulanmak — saç dökülmegine garşy has täsirli we tebigy serişdäniň işlenip düzülmegine tarap möhüm ädimdir. Bu usul dünýäde millionlarça adama kömek edip biler» diýip, gözlegiň awtorlarynyň biri, Sidneý uniwersitetiniň professory Lifeng Kan belledi.
