Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbi tutuldy
Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde — Türkmenabatdaky S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň önümçiliginde ýylda 350 müň tonna süperfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfat dökünlerini öndürjek täze himiýa toplumynyň düýbi tutuldy.
Döwlet ähmiýetli bu başlangyç zawodda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň ikinji tapgyrynyň başlanandygyny görkezýär. Onuň birinji tapgyry bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylypdy.
Ýerli çig mal binýatly zawodlaryň, kärhanalaryň, önümçilik desgalarynyň gurulmagy ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply dökünleriň giň gerimde öndürilmegine, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredýär. Şeýle-de bu işler ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýardam berýär. Himiýa senagaty bu ugurda öz üstüne düşýän wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Pudagyň çalt depginler bilen ösýändigi bolsa örän guwandyryjy ýagdaýdyr.
Çig mallaryň gaýtadan işlenýän we baýlaşdyrylýan görnüşleriniň möçberi barha artýar. Bu ugurda zerur önümleriň ýokary hilini üpjün etmek, şol bir wagtda olaryň täze görnüşlerini hem öndürmek — pudagyň ösüşiniň baş maksady bolup durýar.
Häzirki wagtda S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň ýyllyk önümçilik kuwwatlylygy:
-
170 müň tonna süperfosfat,
-
200 müň tonna kislorod,
-
ösümlikleriň ösmegine ýardam berýän oksigumat serişdesi öndürilýär.
Indi bolsa süperfosfatyň möçberini häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly has-da artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ammoniý sulfatynyň täze önümçiligiň ýola goýulmagy daýhanlaryň bähbitlerine laýyk gelýär.
Zawodyň direktory Ramazan Halbaýewiň bellemegine görä, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen täze toplumyň gurluşygynyň başlanmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrar.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen himiýa senagaty Lebap welaýatynda hem geljegi uly we çalt ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Welaýatymyzyň çäklerinde bu pudagy ösdürmek ugrunda mineral dökünleriň dürli görnüşlerini öndürýän kuwwatly önümçilik binýatlary döredildi.
