FIFA: 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna milliondan gowrak petekler satyldy

Okt 17, 2025 - 08:53
Okt 17, 2025 - 08:57
FIFA: 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna milliondan gowrak petekler satyldy

2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna milliondan gowrak petekler  satyldy.

Bu barada FIFA jemgyýetçilik torlarynda ýerleşdiren habarynda mälim etdi diýip, Report habar berýär.

Biletleriň eýeleri eýýäm 212 ýurtdan bolan janköýerlerdir. Şol bir wagtyň özünde, petekleriň iň kän üç ýurt — ýaryşy gurnaýjy ýurtlar bolan ABŞ, Kanada we Meksika tarapyndan satyn alyndy. Munuň özi-de, elbetde, logiki ýagdaý.

Bellik etmek gerek, 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 ýygyndy 12 toparça bölünýär. Pleý-off tapgyryna toparlarynda ilkinji we ikinji orny eýelänler, şeýle-de üçünji orny alanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezýän 8 ýygyndy çykýar.