FIFA dünýä çempionaty 2026-nyň tumarlaryny tanyşdyrdy

Sen 27, 2025 - 11:40
FIFA dünýä çempionaty 2026-nyň tumarlaryny tanyşdyrdy

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) öňde boljak futbol baýramçylygynyň — 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi tumaryny tanyşdyrdy.

Çempionaty kabul edýän her bir ýurt öz simwolyny kabul edýär:

Kanadanyň simwoly Meýpl atly sugun bolar;

Meksika — Zaýýu atly gaplaň;

ABŞ — Klatç atly bürgüt.

Şol bir wagtyň özünde hem ýaryşy geçirýän ýurtlaryň dostlugyň hem birligiň obrazyny döredýän tumarlar tebigy we medeni simwollary utgaşdyrýar.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty 15-nji iýun — 13-nji iýul aralygynda üç ýurtda geçiriler: ABŞ, Kanada hem-de Meksika. Bu taryhda üç ýurtda geçýän ilkinji dünýä çempionaty hökmünde bellige alnar. Oňa gatnaşýan ýygyndy toparlaryň sany rekord derejede bolar — 48 ýygyndy. Duşuşyklar 16 şäherde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyklaryň esasy bölegi we pleý-off tapgyry ABŞ-da oýnalar.