Ronaldonyñ “Al-Nasr” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi.

Maý 1, 2025 - 21:35
 0
Ronaldonyñ “Al-Nasr” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykyp bilmedi.

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym final oýnunda Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontale” toparyndan asgyn geldi. Jidda şäherinde geçirilen duşuşyk “Kawasaki” üçin 3:2 hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň hatarynda Ito Ito, Ýuto Ozeki we Akihiro Lenaga dagylar tapawutlandylar. “Al-Nasr” tarapyndan Aýman Ýahýa we Sadio Mane top geçirdiler. Portugal oýunçysy Kriştianu Ronaldo tutuş oýny oýnady we netijeli hereketler bilen tapawutlanyp bilmedi. 3-nji maýda geçiriljek ýaryşyñ finalynda “Kawasaki Frontale” Saud Arabystanynyň ýene bir topary bolan “Al-Ahli” bilen oýnar.