Google Chrome Android üçin PDF-faýllary göni açmak aýratynlygyny işjeňleşdirdi

Google kompaniýasy Chrome brauzeriniň Android ulgamy üçin niýetlenen görnüşine täze aýratynlyk goşdy. Indi ulanyjylar PDF resminamalaryny gös-göni Chrome-yň öz içinde açyp, aýratyn programma üpjünçiliklerine mätäç bolmazdan peýdalanyp bilerler. Bu barada «Android Authority» maglumat berýär.
Täze mümkinçilik bilen Chrome diňe faýllary açmak bilen çäklenmän, olary redaktirlemäge hem şert döredýär. Ulanyjylar ruçka, marker we pozguç bilen resminamanyň üstünde bellikler goýup bilerler. Şeýle-de ýatyrmak we gaýtadan ýerine ýetirmek düwmeleri arkaly işlerini dolandyrmak mümkinçiligi bar. Resminamalary dürli ugurlara öwürmek we möhüm ýerlerine bellik goýmak hem amatlylaşdyryldy. Gurallar panelini ekranyň ýokarsynda ýa-da aşagynda ýerleşdirmek bolýar, bu bolsa işiň has-da rahat ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.
Täze goşulan aýratynlyklaryň arasynda resminamanyň içinde göni tekst gözlemek mümkinçiligi hem bar. Bu funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar gerek bolan söz ýa-da jümleleri tiz tapyp, tapylan ýerleriň arasynda aňsatlyk bilen hereket edip bilerler.
Öň PDF resminamalary bilen şeýle giňişleýin işlemek Chrome-yň synag görnüşinde elýeterli bolupdy. Indi bolsa bu mümkinçilik brauzeriň durnukly wersiýasynda ähli ulanyjylar üçin elýeterli edildi.
Google-yň bu ädimi Android enjamlarynda Chrome-yň ulanylyş mümkinçiliklerini giňeldýär we ulanyjylara resminamalar bilen işleşmegiň has ýeňil we amatly usulyny hödürleýär.