Hytaý dünýäniň iň uly bir modully gün ýylylyk elektrik stansiýasynyň gurluşygyny başlady
Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Çinhay welaýatynyň Golmud şäherçesinde dünýäniň iň uly bir modully gün ýylylyk elektrik stansiýasynyň gurluşygy başlandy. Bu desgalaryň güýji 350 megawatt bolar. Kompleks üç sany ýylylyk ýygnaýan göwrümli minara we bir turbina birleşmesinden ybaratdyr, şeýle hem onuň 3,3 million inedördül metr meýdany tutýan geliosot meýdany ýurduň iň ulusy bolar. Bu elektrik stansiýasy ýyllyk takmynan 960 million kilowat-sagat arassa elektrik energiýasyny öndürip, ýylda takmynan 720 müň tonna uglerod dioksid gazynyň çykşyny azaldar.
Desgalaryň energiýa toruna doly birikdirilmegi 2027-nji ýylyň sentýabr aýynyň aýagyna çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
