Starlink ulgamy dünýäniň 150 ýurduna giňedi — ulanyjylaryň sany 7,6 milliondan geçdi
Dünýäde ýokary tizlikli internetiň elýeterliligini giňeltmek maksady bilen döredilen Starlink ulgamy häzirki wagtda rekord derejesine ýetdi. Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky SpaceX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu ulgamdan 7,6 milliondan gowrak ulanyjy peýdalanýar.
Starlink hyzmaty häzirki wagtda 150-den gowrak ýurt we sebiti öz içine alýar. Şeýle giňelme arkaly hatda iň uzak nokatlarda ýaşaýan adamlara-da durnukly we çalt internet hyzmatlary hödürlenýär.
Bu taslama diňe bir interneti elýeterli etmek bilen çäklenmän, eýsem geljekki Mars ekspedisiýalaryna maliýe goldaw bermekde hem möhüm orun tutýar. Ilon Maskyň bellemegine görä, her bir Starlink abunasy “geljegi Marsda gurmak” baradaky meýilnama goşant goşýar.
19-nji oktýabrda SpaceX täze rekord goýdy — Falcon 9 raketasy ýer orbitasyna 28 sany täze Starlink hemrasyny çykardy. Şolaryň arasynda ulgamyň 10 müňünji hemrasy hem bar. Şeýle hem kompaniýa şu ýylyň dowamynda 132 raketa uçuryşyny üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu bolsa 2024-nji ýylyň ähli uçuryşlarynyň sany bilen deňdir.
Starlink ulgamynyň çalt ösüşi dünýäde sanly hyzmatlaryň ösdürilmegine möhüm ädim hökmünde baha berilýär.
