Google Cloud ChatGPT üpjün edijilerine goşulýar

OpenAI öz bulut infrastrukturasyny strategik taýdan giňeldýändigini yglan edip, Google Cloud Platform-y öz esasy önümi bolan ChatGPT üçin hasaplaýyş mümkinçilikleriniň üpjün edijileriniň hataryna goşdy. Bu çözgüt serişdeleri diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça köpugurly strategiýa geçilýändigini alamatlandyrýar. Indi OpenAI dört esasy üpjün ediji bilen hyzmatdaşlyk edýär: Microsoft, Google Cloud Platform, CoreWeave we Oracle.
ChatGPT we onuň API-sini goldamak üçin Google Cloud-nyň ornaşdyrylmagy bäş strategik sebitde amala aşyrylar: ABŞ, Ýaponiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Beýik Britaniýa.
Bu üýtgeşme OpenAI bilen Microsoft-yň arasyndaky gatnaşyklaryndaky özgerişi hem görkezýär. Microsoft geçen ýyl uly maýa goýumlaryna garamazdan, OpenAI-ni resmi taýdan bäsdeş hökmünde yglan etdi. Munuň netijesinde ozalky ýakyn hyzmatdaşlygyň ýerine has köp taraplaýyn gatnaşyklara geçildi.