"Haj parzy 2026: Saud Arabystanynyň zyýaratçylar üçin goýýan saglyk talaplary"

Okt 11, 2025 - 08:22
Okt 11, 2025 - 08:34
"Haj parzy 2026: Saud Arabystanynyň zyýaratçylar üçin goýýan saglyk talaplary"

Report agentliginiň Kawkaz musulmanlary dolandyryş edarasyna (KMDE) salgylanyp beren habaryna görä, Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan hajylyk we umra hajy zyýaratlaryny edýän musulmanlaryň arasynda saglygy goraýyş we öňüni alyş çärelerini düzgünleşdirmek maksady bilen degişli resminama taýýarlandy.

Resminamada aşakdaky talaplar we maslahatlar beýan edilýär:

Umumy saglyk talaplary

Zyýaratçylaryň saglygyna we howpsuzlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin aşakdaky keseller bilen kesellän adamlara haj parzyna gitmek maslahat berilmeýär:

  • Ýürek, böwrek ýa-da öýkeniň dowamly keselleri;

  • Merkezi nerw ulgamynyň dowamly keselleri (meselem, insultdan soňky ýagdaýlar);

  • Süýji keseli (diabet), immun ýetmezçiligi ýa-da beýleki keseller, bedeniň garşylyk ukybyny peseldýän ýagdaýlar;

  • Göwreli aýallar;

  • Çagalar we gartaşan adamlar;

  • Onkologiýa keselinden ejir çekýän ýa-da himiýa bejergisinde (himiterapiýa) bolan adamlar.

Ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleri

  • Saud Arabystanyna barýan zyýaratçylar üçin COVID-19-a garşy sanjym talap edilip bilner.

  • Sanjym Saud Arabystany tarapyndan tassyklanan sanjymlar bilen edilmelidir.

  • Sanjym syýahatyň öň ýanyndan azyndan 10 gün öň, iň gijäni bolsa 12 aý öň edilmeli.

Saud Arabystanynyň saglyk häkimiýetleri epidemiologik ýagdaýlara baglylykda goşmaça düzgünler girizip bilerler.

Obligator (hökmany) sanjymlar

a) Meninkokkok infeksiýasy (meningit – ACWY)

  • Bu sanjym ähli zyýaratçylar üçin hökmanydyr.

  • Dört görnüşli ACWY meningokokk (meningide garşy) sanjymy talap edilýär.

  • Sanjym Saud Arabystanyna girmezden azyndan 10 gün öň, iň gijäni 3 ýyl öň edilmeli.

  • Halkara sanjym şahadatnamasy görkezilmeli.

b) Başga maslahat berilýän sanjymlar:

  • Möwsümleýin dümew (gripp) garşy;

  • Sary gyzzyrma we poliomielit – bu keseller giň ýaýran ýurtlardan gelýän zyýaratçylar üçin.

Serhet we lukmançylyk barlaglary

  • Saud Arabystanyna gelýän zyýaratçylar serhet geçelgelerinde lukmançylyk barlagyndan geçip bilerler.

  • Lukmançylyk şahadatnamalary we sanjym sertifikatlary barlanar.

  • Zerur ýagdaýda goşmaça öňüni alyş we arassaçylyk çäreleri görüler.

Umumy saglyk boýunça maslahatlar

  • Şahsy arassaçylyk we azyk howpsuzlygy düzgünlerini berjaý ediň.

  • Hajylyk wagtynda suwy ýeterlik içiň, yssydan goranyň we dynç alyş düzgünini saklaň.

  • Topar ýolbaşçylarynyň we lukmançylyk işgärleriniň görkezmelerine eýeriň.

  • Köpçülik ýerlerde lukmançylyk maskalary ulanmak maslahat berilýär.

  • Kesel alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda gyssagly lukmançylyk kömegine ýüz tutuň.

Goşmaça bellikler

  • Saud Arabystanynyň Saglyk ministrligi dünýäde epidemiologik ýagdaýlara görä täze talaplar we sanjymlar girizip biler.

  • Bu düzgünler Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) maslahatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenip durular.