SpaceX kosmosa täze, doly türk emeli hemrasyny uçurdy
Türkiýäniň Fergani Space atly kosmos kompaniýasy özüniň ikinji, doly ýerli önüm bolan emeli hemrasyny üstünlikli ýagdaýda kosmosa iberendigini resmi saýtynda habar berdi.
Metbugat beýannamasynda bellenilişine görä, FGN-100-D2 — ýurduň iň uly hususy emeli hemrasydyr. Ol düýn Florida ştatyndaky Kanaweral burnundan SpaceX kompaniýasynyň Bandwagon-4 atly uçuş missiýasynyň çäginde kosmosa ugradyldy. Takmynan 74 minutdan soň hemra raketadan üstünlikli aýryldy, orbita çykdy we ilkinji maglumatlaryny geçirdi.
Kompaniýanyň düşündirmegine görä, FGN-100-D2 104 kilogram agramynda, sekuntda 7,6 kilometr tizlik bilen hereket edýär we bir günde takmynan 15 gezek Ýeriň daşyndan aýlanýar. Ol 510 kilometr belentlikde işlejek bolup, onuň missiýasynyň 5–7 ýyl dowam etmegi garaşylýar.
Beýannamada şeýle diýilýär:
«Bu uçuş bilen Türkiýäniň kosmos tehnologiýalarynda garaşsyzlyk ýolundaky ädimi täze tapgyra çykdy».
Şeýle hem kompaniýa öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda 100-den gowrak emeli hemrany uçurmagy maksat edinýändigini mälim etdi.
2025-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda SpaceX kompaniýasy Fergani Space kompaniýasynyň ilkinji hemrasy bolan FGN-100-D1-i hem kosmosa uçurypdy. Ol Baykar atly türkiýeli uçarlysyz uçarlary öndürýän kompaniýanyň düzüminiň bir bölegidir. Bu hemra Falcon 9 raketasy arkaly Transporter-12 missiýasynyň çäginde uçurylypdy.
