Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherine iş sapary bilen bardy. Saparyň çäginde hormatly Prezident «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar.

Maý 30, 2025 - 18:39
 0
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

       Belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy ýokary derejede guraldy. Türkmenistanyň Prezidentini alyp gelen uçaryň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gonmagy bilen, ýörite haly düşelen ýodajygyň iki gapdalynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzili sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen baýramçylyk ruhunda bezeldi.

Hormatly Prezidentimizi Gazagystanyň Premýer-ministri, Astana şäheriniň häkimi, Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşy aldylar.

Bu gezekki sammit Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açmagy maksat edinýär. Forumda hormatly Prezidentimiziň çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Bu möhüm halkara çäräniň ilkinji gezek geçirilmegi sebitde diplomatik gatnaşyklary has-da ösdürmäge giň ýol açar.

Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň 1992-nji ýyldan bäri dowam edýändigini bellemek ýerliklidir. Şol döwürden bäri ýokary derejedäki saparlar, özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hyzmat etdi. 2009-njy we 2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa resmi saparlary, 2015-nji ýylda iş sapary amala aşyryldy. Şeýle-de, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministri Türkmenistana sapar bilen gelipdi.

Şeýle möhüm we taryhy ähmiýetli çärede Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki işjeň ornunyň nobatdaky subutnamasydyr.