Malawi Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana geldi

Malawi Respublikasynyň Wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Maslahat Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär.
Belent mertebeli myhman Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň resmi wekilleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. «Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, garşylama dabarasy türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik däplerine laýyklykda guraldy.
Resmi garşy alyş dabarasyndan soň, Wise-prezident Maýkl Bizwik Usi maslahatyň geçiriljek ýerine — Türkmenbaşy şäherine ugrady.
Habarda bellenilişine görä, wise-prezident derejesindäki wekilçiligiň gatnaşmagy Malawiniň bu halkara forumyň ähmiýetine berýän ünsüniň we hyzmatdaşlyga taýýardygynyň aýdyň nyşany bolup çykyş edýär.