Hytaý dünýäde ilkinji bolup megawatt kuwwatly howa dirijabel-şemally generatory asmana göterer
Hytaýyň inženerleri dünýäde ilkinji bolup howada işleýän, ýokary kuwwatly täze wodorodly (gelimli) şemal stansiýasyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar. Peýk görnüşli bu ýörite enjam, adaty dirijabla meňzeýär, ýöne onuň içinde kuwwatly şemal turbinalary ýerleşdirilen. Täzeçil ulgam Pekin şäherinde ýerleşýän SAWES Energy Technology kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we S1500 adyny aldy.

Bu gämä meňzeş howa stansiýasy 1500 metr beýiklikde uçup, şol ýerde ýerleşýän durnukly we güýçli şemallary ulanyp, bir megawata çenli elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Bu bolsa ony dünýäde ilkinji bolup şeýle beýiklikde we şeýle kuwwatlylykda işleýän howa şemal generatoryna öwürýär.
S1500 gurluşy helium gazyna doldurylan äpet aerostatdan ybarat. Onuň aşagynda bolsa, 12 sany mikroturbin ýerleşýän halka görnüşli howa akymy kanaly ýerleşýär. Şemalyň akymy bu turbinalary aýlap, energiýa öndürilýär we ýörite güýçli kabel arkaly ýer ýüzüne geçirilýär.
Bu ulgam adaty ýerüsti şemal turbinalary bilen deňeşdirilende has netijelidir. Sebäbi ol 1500 metr beýiklikde ýerleşýän şemallary ulanýar, şol bir wagtda ýer ýüzündäki adaty şemal turbinalary diňe 200 metr belentlikde işleýär. Şonuň netijesinde, S1500 ulgamynyň öndürijiligi teoriýa taýdan adaty turbinalardan 27 esse ýokary bolup biler.
Täze tehnologiýa diňe bir ekologiki taýdan arassa bolman, eýsem ýokary netijelilik bilen hem tapawutlanýar. Hytaýyň bu ädimi dünýäniň energetika pudagynda howa giňişliginden has netijeli peýdalanmak üçin täze ýol açýar. Şeýle şemal stansiýalary geljekde uzakda ýerleşýän sebitlerde, deňizde ýa-da adaty infrastruktura ýetip bilmeýän ýerlerde giňden ulanylyp bilner.