Hytaý dünýäde iň çalt awtomatlaşdyrylan otlyny tanyşdyrdy
Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Çindao şäheriniň Sýunýan etrabynda dünýäniň iň çalt awtomatlaşdyrylan demir ýol otlusy jemgyýetçilige görkezildi. Täze otly 200 km/sag tizlige çykyp bilýär we intellektual ulaglaryň täze nesline degişli.
Doly awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy
Bu otly doly awtomatlaşdyrylan dolandyryş derejesi bolan GoA4 ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ulgam otlyda sürüjiniň bolmagyny talap etmeýär — doly awtonom, emeli intellekt bilen dolandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bu otlyda sürüjilik kabinasy saklanypdyr we ilkinji döwürde adam sürüji gözegçilikde saklanar.
Täze otly Hytaýda ilkinji doly awtomatlaşdyrylan otly bolmak bilen bir hatarda, dünýädäki iň çalt otomat otly hökmünde hem tanalýar. Otlynyň akylly ulgamy ýokary tizlikde we uzak aralykdaky hereket wagtynda ýagdaýy analiz edip, özbaşdak karar kabul edýär. Munuň netijesinde näsazlyklaryň ýüze çykma ähtimallygy 95%-den gowrak azaltmak başaryldy.
Howpsuzlyk we tehnologiýa
Täze otlynyň gurluşynda howpsuzlyga aýratyn üns berildi. 2900-den gowrak datçik bilen enjamlaşdyrylan ýokary takyklykly gözegçilik ulgamy hereket sistemasy, tormoz we hereketlendiriji ulgamlary yzygiderli barlap, näsazlyklara millisekuntlarda reaksiýa berýär.
Emeli intellekt we sanly ekiz tehnologiýalarynyň esasynda döredilen hyzmat ulgamy öňünden näsazlyklary çaklap, tehniki hyzmat kararlaryny kabul etmäge kömek edýär.
Passiw howpsuzlyk hem ýokarlandyryldy — täze zarba sorujy elementler we energiýany siňdiriji gurluşlar ulanylyp, otlynyň çaknyşyga garşylygy iki esse artdyryldy.
Aerodinamika we tygşytlylyk
Korpusyň gurluşy täzeleşdirildi: üýtgeýän kesimli howa akym geçirijiler garşylygy peseldýär, ýöreýiş bölegindäki gorag örtükleri bolsa turbulensiýany azaldýar.
Otlynyň hyzmat çykdajylary hem azaltmak başaryldy — 200-den gowrak ätiýaçlyk şaýy standartlaşdyryldy, akylly diagnostika ulgamy hyzmat wagtlaryny tertiplemek we durmuş çykdajylaryny azaltmak üçin mümkinçilik berýär.
Täze ugur we geljekki meýilnamalar
Bu otly "Pekin — Sýunýan Ekspress" ugrunda — Sýunýan bilen Pekiniň Dasyň halkara howa menziliniň arasynda gatnaw eder. Gatnaw işe girizilenden soň, bu otly Sýunýan bilen howa menzili aralygyny 30 minutda, Litszä işewür etraby bilen 60 minutda baglar. Bu bolsa “Pekin — Sýunýan” sagatlyk transport halkasynyň döremeginde möhüm ädim bolar.
