Hytaý dünýäniň iň uly uçýan ýel turbinasyny synagdan geçirdi
Hytaýyň energetika tehnologiýa kompaniýasy Beijing SAWES Energy Technology, ýurduň ylmy institutlary bilen bilelikde, täze nesil uçýan ýel energiýa enjamy bolan S1500 modelini üstünlikli synagdan geçirdi. Synaglar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Hami şäheriniň (Sinzýan sebitinde) asmanlarynda geçirildi.
Täze enjam — bu aslynda bir energiýa aerostaty bolup, onuň gurluşy gaz bilen doldurylan ullakan balony we giň halka görnüşindäki ganatlary öz içine alýar. Enjamyň ululygy 60×40×40 metr bolup, ol 1500 metre çenli beýiklikde işlemegi başarýar. Bu beýiklikde ýel has güýçli we durnukly bolýar, bu bolsa energiýanyň netijeliligini artdyrýar.
Aerostatyň içinde her biri 100 kilowat bolan 12 sany turbogenerator ýerleşýär, umumy kuwwaty bolsa 1,2 megawatt. Halkanyň üsti bilen geçýän güýçli ýel akymy birnäçe turbinalary aýlap, energiýa öwrülýär. Alnan elektrik energiýasy ýörite güýçli kabel arkaly aerostatdan ýerüsti stansiýa geçirilýär.
Synaglar çöl meýdanynda geçirilip, enjam güýçli ýellere, basyş üýtgemelerine we birnäçe gezek ulanylyp gaýtadan işe girizilmegine garşy synagdan geçirildi. S1500 modeliniň uzak aralykdan energiýa üpjün etmekde, uzak obalar, gözleg stansiýalary ýa-da ekspedisiýalar üçin örän peýdaly boljakdygy bellenilýär.
