ABŞ howa taksilerini ornaşdyrmagy çaltlandyrmak üçin synag maksatnamasyny işe girizýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Federal Awiasiýa Dolandyryşy (FAA) ýurduň ulag ulgamyna howa taksilerini çalt ornaşdyrmak maksady bilen täze synag maksatnamasyny işe girizendigini habar berdi.
Reuters agentliginiň maglumatyna görä, ýerli kompaniýalar öňdebaryjy howa ulaglaryny ösdürmekde kadalaşdyryjy päsgelçilikleri ýeňip geçmek bilen heniz hem meşgullanýarlar.
Täze başlangyç çäklerinde azyndan bäş sany döwlet bilen hususy hyzmatdaşlyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu taslamalara ýerli we sebit ýolbaşçylary, şeýle hem hususy kompaniýalar gatnaşar. Maksat – dikligine gonup-galyp bilýän elektrik howa ulaglarynyň (eVTOL) howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek.
Howa taksilerini taýýarlaýan kompaniýalar bu täze ulag serişdelerini bazara çykarmak we zerur rugsatnamalary almak üçin işlerini çaltlandyrýarlar. Munuň arkaly olar şäherde tiz we ekologiýa taýdan arassa ýolagçy gatnawlaryna bolan islegi kanagatlandyrmagy maksat edinýärler. eVTOL enjamlary dikligine gonup we galyp bilýändigi sebäpli, şäherdäki gatnawlara ýa-da howa menzillerine ýolagçylary gatnatmak üçin örän amatlydyr, bu bolsa ulag dykynlaryny ýeňilleşdirip biler.
FAA-nyň başlygy Braýan Bedfordyň bellemegine görä, bu synag taslamalarynyň netijeleri ähli ýurt boýunça howpsuz we giň gerimli hyzmatlary ýola goýmak üçin tejribe bolar.
Bu maksatnama ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň iýun aýynda çykaran ýerine ýetiriji buýrugynyň esasynda döredildi.
Şeýle hem, Hindistan, Hytaý we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar hem eVTOL tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak boýunça iş alyp barýarlar.
