Hytaýda maglumatlary ýagtylyk arkaly geçirýän çip döredildi — tizligi 38 Tbit/s ýetýär
Fudan uniwersitetiniň alymlary tarapyndan döredilen foton multiplikatory – maglumat geçiriş ulgamynda uly tehniki döwri açýan möhüm ylmy-tehniki üstünlikdir. Bu innowasiýa geljekde has ýokary tizligi we energiýa tygşytlylygyny üpjün edip, hasaplaýyş we maglumat geçirilişi usullaryny düýpgöter üýtgedip biler.

Elektrik däl-de, ýagtylyk arkaly maglumat
Adaty mikroçiplerde maglumat elektrik impulslarynyň geçirijiler arkaly hereket etmegi bilen geçýär. Täze çemeleşme bolsa, optiki tolkunlaryň ( ýagtylygyň) peýdalanylmagy esasynda işleýär. Bu tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlygy bar:
-
Tizlik has ýokary
-
Giçikme pes
-
Gyzma (termiki energiýa sarp edilişi) az
Esasy bölek: optiki multiplikator
Optiki multiplikator köp sanly ýagtylyk signalyny birleşdirýär we bölýär. Bu bolsa superkompýuterleriň we uly maglumat merkezleriniň işinde örän möhüm funksiýany ýerine ýetirýär.
Mundan başga-da, täze döredilen çip häzirki zaman ulgamlaryna hem gatyşyp bilýär, sebäbi ol häzirki zaman elektron enjamlarynda ulanylýan CMOS arhitekturasy bilen utgaşyklydyr.
Alymlaryň resmi maglumatlaryna görä:
Fudan uniwersitetiniň resmi habaryna görä, täze foton çipi şu mümkinçilikleri hödürleýär:
-
Maglumat geçiriş tizligi: 38 Tbit/s çenli
-
Ýiti hasaplaýyş ukyby: sekuntda 4,75 trillion parametri işläp bilýär
-
(Bu görkeziji uly dil modelleri – LLM bilen işlemek üçin möhüm)
-
Bu netijeler esasynda, emeli aň modelleriniň (meselem, ChatGPT, Gemini ýa-da Claude) tiz öwrenmegi we ýerine ýetirilişi göni enjamda amala aşyrylyp bilner – uzakdaky serwerlere ýüz tutmazdan.
Näme üçin bu möhüm?
Hünärmenleriň bellemegine görä, foton çipleriniň hasaplaýyş ulgamlaryna ornaşdyrylmagy:
-
Maglumat merkezleriniň energiýa sarp edilişini azaldar
-
Emeli aň serwerleriniň geçiriş ukybyny artdyrar
-
Has çalt we ekologiýa taýdan has arassa arhitekturalaryň gurluşygyna mümkinçilik berer
Bu ösüş, maglumat möçberiniň çalt artýan döwründe, aýratyn-da emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi bilen, örän möhüm bolýar.