ABŞ-da ilkinji sürüjisiz dolanyrylýan awtoulagy Maiami köçelerine çykdy
Emeli intellekt we sürüjisiz dolanyrylýan tehnologiýalarynyň kömegi bilen täze robotlaşdyrylan awtoulag PUG ýokary jenaýatçylyk derejesi bolan sebitlerde gözekçi hyzmatyny ýerine ýetirip, ýygnan maglumatlary dolandyryş merkezlerine ugratmaga ukyplydyr.
Policing Lab laboratoriýasy Maiami-Deýd etrabynyň şerifi bilen bilelikde Police Unmanned Ground Patrol Partner — ýagny “Polisiýanyň awto kömekçisi”, ýa-da gysgaça PUG atly enjamy tanyşdyrdy. Ony eýýäm ýurduň ilkinji polisianyň gözegçi awtoulagy hökmünde atlandyrýarlar.
Policing Lab tehniki aýratynlyklary doly aýan etmeýär, emma mälim bolşuna görä, PUG Ford Police Interceptor Utility esasynda döredilip, Perrone Robotics tarapyndan taýýarlanan fiziki dakyllygy bolmadyk sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa, PUG-a jenaýatçylyk derejesi ýokary ýerlerde özbaşdak gzekçilik geçmäge mümkinçilik berýär we şol bir wagtda, görnüp duran öňüni alyjy çäre hökmünde hyzmat edýär.
Esasy aýratynlygy bolsa — PUG bir ýerden başga ýere hereket edip bilýän mobil gözegçilik ulgamy bolup durýar. Ol birnäçe wideo kamera, termal kamera (ýylylyk detektory), awtoulag nomerlerini tanamak ulgamy we hatda dron goýberýän enjam bilen üpjün edilendir. Bu tehnologiýalaryň hemmesi, şol wagtda maglumatlaryň geçirilmegini we mysal üçin ogurlanan awtoulaglar ýaly degişli belgiler anyklanan halatynda tiz habar berilmegini üpjün edýär. Şeýle ýagdaýlarda ulgam derrew polisiýa işgärlerini wakanyň ýerine iberip bilýär.
PUG-nyň synag maksatnamasy bir ýyl dowam eder. Onuň maksady — polisiýanyň çalt jogap bermek ukybyny ýokarlandyrmak, öňüni alyş täsirini güýçlendirmek, işgärleriň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we jemgyýetiň polisiýa bolan ynamyny artdyrmak.
