«iPhone 17 Pro Max» «Galaxy S25 Ultra» hem-de «Pixel 10 Pro XL» modelleriniň batareýasynyň mümkinçiligi deňeşdirildi
«PhoneBuff» taslamasynyň awtorlary bu gezek «iPhone 17 Pro Max» bilen «Galaxy S25 Ultra» flagmanlaryny awtonom işlemek mümkinçiligi boýunça deňeşdirdiler. Bu gezek synaglar ýokary tizlikde däl-de, batereýanyň dowamlylygy boýunça ukybyna gönükdirildi. Synaga «Pixel 10 Pro XL» modeli hem goşuldy.
Bu deňeşdirmäni aýratyn gyzykly tarapy «iPhone» flagmanynyň köp ýyllardan soň ilkinji gezek iň öňdebaryjy telefonlar bilen deňeşdirip boljak kuwwatly batareýa bilen gelmegidir. Onuň batareýasynyň göwrümi «Samsung» flagmanyndan hem birneme ýokary: «iPhone 17 Pro Max» — 5088 mA/sag, «Galaxy S25 Ultra» — 5000 mA/sag, «Google Pixel 10 Pro XL» bolsa has ýokary — 5200 mA/sag.
«Apple» smartfonlary batereýa tygşytlylygy boýunça öňdebaryjylygy bilen tanalýar we täze «iPhone» nusgasynyň synaglaryň ilkinji minutlaryndan energiýany has tygşytly sarp edýändigi göze ildi.
Synaga goşulan «Pixel 10 Pro XL» modeliniň netijesi hem ýokary baha eýe boldy: ekranyň işleýiş wagty — 10 sagat 45 minut. «Samsung» flagmany bolsa has gowy netijäni görkezýär — 11 sagat 50 minut. Ýöne täze «iPhone» has-da öňe saýlanyp, 13 sagat 5 minutlap işledi.
