«Barselona» 1:4 hasabynda «Sewilýadan» utuldy
Ispaniýanyň La Ligasynda garaşylmadyk netije boldy. «Sewilýa» topary «Ramon Sançes Piskuan» stadionynda «Barselonany» 4:1 hasabynda ýeñip, täze möwsümde «katalonlylaryň» ilkinji utulyşyny hasaba aldyrdy. Bu oýun futbol janköýerleri haýrana goýdy.
Hansi Flikiň ýolbaşçylygyndaky «Barselona» agyr hepdäni başdan geçirdi, çünki olar Çempionlar ligasynda «PSŽ-den» 1:2 hasabynda asgyn geldiler.
«Sewilýa» garşy geçen duşuşygyň dowamynda ýerli janköýerleriň öňünde ajaýyp oýun görkezildi. Ilkinji gol 13-nji minutda, Aleksis Sançesiň 11-metrlik jerime urgusyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginden soň hasaba alyndy. «Sewilýa» öñe saýlandy. Soňra 36-njy minutda Romero artykmaçlygy iki esse artdyryp, hasaby 2:0 ýetirdi.
Birinji ýarymyň soňunda «Barselona» hasaby üýtgetmegi başardy. Reşfordyň goly bilen hasap 2:1 boldy we «katalon» toparyna umyt döredi.
Ikinji ýarymda «Barselona» oýunda artykmaçlygy eýelän bolsa-da, gol salmakda şowlulyk olaryň ýanynda däldi. 77-nji minutda Robert Lewandowski 11-metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirmegi başarmady. «Sewilýa» bolsa oýnuň soňunda ýene iki gol salmagy başardy. Ilki 90-njy minutda Karmona hasaby 3:1 eden bolsa, 96-njy minutda Adamsyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren garşylyklaýyn hüjümi «Sewilýanyň» ýeňşini berkidip, hasabyň 4:1 bolmagyna getirdi.
La Liganyň 8-nji tapgyrynyň netijesinde «Sewilýa» 13 utuk bilen dördünji orna geçdi. «Barselona» bolsa 19 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Ligada birinji orny bolsa 21 utuk bilen «Real» elden bermeýär.
