Jio Platforms Hindistanyň telewizorlaryny kompýuterlere öwürýär

Reliance Industries konglomeratynyň düzümine girýän Hindistanyň tehnologiki kompaniýasy Jio Platforms telewizion pristawkalaryň ulanyjylary üçin wirtual şahsy kompýuter (PC) hyzmatyny işe girizdi. Bu — Reliance kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mukeş Ambaniniň millionlarça hindi telewizoryny doly hukukly kompýuterlere öwürmek baradaky uly maksadynyň bir bölegidir.
Häzirki wagtda JioPC synag görnüşinde hödürlenýär we isleg bildirýän ulanyjylar kompaniýanyň saýty arkaly ýüz tutup, wirtual iş stoly elýeterliligini alyp bilerler. Hyzmatdan peýdalanmak üçin diňe adaty klawiatura we syçanjyk telewizora birikdirilýär.
JioPC täze mümkinçilikleri açsa-da, onuň käbir çäklendirmeleri bar: meselem, kamera ýa-da printer ýaly daşarky periferiýa enjamlary goldanylmaýar. Resminamalar bilen işlemek üçin LibreOffice bukjasy ulanylýar, Microsoft Office programmalaryna bolsa brauzer arkaly girilýär. JioPC hyzmatynyň işe girizilmegi Jio Platforms kompaniýasynyň eýýäm 488 milliondan gowrak bolan ulanyjy binýadyny has-da giňeltmegine garaşylýar.