Lebapda bank işgärleriniň arasynda zehinli bäsleşik geçirildi

Okt 10, 2025 - 09:13
Okt 10, 2025 - 09:32
Lebapda bank işgärleriniň arasynda zehinli bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler zalynda welaýatymyzyň bank edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz, Siziň bilen dünýä dolýar şöhratymyz-şanymyz!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli banklarynyň welaýatymyzdaky şahamçalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň bank işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, zehinlerini ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik sowal-jogap alyşmak arkaly geçirildi.
Netijede Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäher şahamçasynyň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat we etrap şahamçalarynyň ýygyndy toparlary ikinji, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat we «Amul» şahamçalarynyň ýygyndy toparlary bolsa üçünji orunlary eýelediler.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Birinji orny eýelän topar bäsleşigiň golaýda paýtagtymyzda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşar.