Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

Awg 4, 2025 - 19:39
Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Premýer-ministri Khadga Prasad Şarma Oliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

«Türkmenhowaýollarynyň» habar bermegine görä, belent mertebeli myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Nepalyň Premýer-ministri we onuň ýanyndaky wekiliýet türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde Nepalyň bu foruma hökümet baştutany derejesinde gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyk maslahatyň ähmiýetini has-da artdyryp, ulag-üstaşyr geçelgeleri, söwda we durnukly ösüş ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar.