Kofe we Çagalar: Näçe ýaşdan başlap rugsat berilýär
Lukman Wasilý Plotnikowyň aýtmagyna görä, halkara lukmançylyk maslahatlaryna laýyklykda, 14 ýaşa çenli çagalaryň kofe içmegi maslahat berilmeýär. Bu ýaşdan kiçileriň kafein kabul ediş mukdary günde 50 mg-dan geçmeli däl.
14 ýaşdan soň bolsa, kafeiniň gündelik kabul edilýän mukdary 100 mg-a çenli ýetip biler. Munuň özi bir käse üwelen kofe (ýa-da iki käse ýeňil kofe) deňdir. Kafeiniň köpräk mukdarda kabul edilmegi ýetginjeklerde alada, agressiwlik, aşa hereketlilik, baş agyry ýaly täsirleri döredip biler.
Şeýle hem, kola içgisiniň hem düzüminde kafein bardygy we 0,33 litrlik bankadan köprägi 14 ýaşdan kiçi çagalara berilmezligi maslahat berilýär. Şeýle-de, käbir süýji çaýlaryň (ýaşyl çaý hem şol sanda) hem kafein saklaýandygyny ýatdan çykarmaly däl.
Energetik içgiler bolsa – düzüminde köplenç 150 mg-dan gowrak kafein bolýar – 18 ýaşa çenli düýbünden gadagan edilýär.
