JAMA: Çagalykdaky ýokary gan basyşy ýürek-damar kesellerinden ir wagtda ölümiň sebäbi bolup biler

Amerikanyň Çikago şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň alymlary çagalyk döwründe ýokary gan basyşynyň (gipertoniýanyň) ulalanda ýürek-damar kesellerinden ir wagtda ölümiň töwekgelçiligini artdyrýandygyny ýüze çykardylar. Bu ylmy işiň netijeleri abraýly JAMA žurnalynda çap edildi.

Sen 8, 2025 - 08:56
JAMA: Çagalykdaky ýokary gan basyşy ýürek-damar kesellerinden ir wagtda ölümiň sebäbi bolup biler

Barlag üçin ABŞ-da geçirilen iň uly ylmy taslamalaryň biri bolan Bilelikdäki perinatal taslamanyň maglumatlary ulanyldy. Bu taslama enelik döwrüniň we çaganyň irki ösüşiniň saglyga edýän täsirini öwrenmek maksady bilen alnyp baryldy. Taslama takmynan 38 müň çaga gatnaşdy we olaryň 7 ýaşynda gan basyşlary ölçelipdi.

Gan basyşynyň görkezijileri çaganyň ýaşyna, jynsyna we boýuna görä Amerikanyň Pediatriýa akademiýasynyň maslahatlaryna laýyklykda prosentillere geçirildi. Analiz wagtynda çagalaryň beden agramy we demografik aýratynlyklary hem göz öňünde tutuldy.

Alymlar barlagyň dowamyndaky netijeleri bahalandyrmak üçin ABŞ-nyň Milli ölüm indeksiniň maglumatlaryna daýandylar. 2016-njy ýyla çenli gatnaşanlaryň 2837-si aradan çykypdyr, olaryň 504-si ýürek-damar keselleri sebäpli ölüpdir.

Barlag netijelerine görä, çagalykda gan basyşy ýokary bolan adamlarda 50 ýaşyna ýetmänkä ýürek-damar keselinden ölmek howpy has ýokary bolýar. Hatda gan basyşynyň ortaça derejesinden birneme ýokary bolmagy hem töwekgelçiligi artdyrýar. Mysal üçin, sistolik (ýokarky) basyşyň ýokarlanmagy bilen ölüm howpy 13% artýar, diastolik (aşakky) basyşyň ýokarlanmagy bilen bolsa bu görkeziji 18%-e ýetýär. Iň ýokary töwekgelçilik gan basyşy öz deň-duşlarynyň arasynda iň ýokary 10%-lik derejede bolan çagalaryň arasynda hasaba alyndy.

Bu baglanyşyk daşky gurşawyň we genetikanyň täsirine garamazdan saklanyp galýar. 150 sany doganlyk toparyň maglumatlaryna edilen seljerme hem çagalyk döwründe ýokary gan basyşy bolanlaryň öz doganlary bilen deňeşdirilende ýürek-damar kesellerinden ir wagtda ölmek howpunyň ýokarydygyny görkezdi.